DÜNÝÄ

Türkmenistan Moskwadaky owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde owgan meselesi boýunça howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň we milli howpsuzlyk boýunça geňeşçileriň köptaraplaýyn duşuşygy boldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýew hem gatnaşdy.

Duşuşykda Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy, bu ýurduň durmuş we ykdysady taýdan ösdürilmegi, şeýle hem howpsuzlyk babatdaky meselelere garaldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Kreml köşgünde bu duşuşyga gatnaşan wekiliýetleri kabul etdi. Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew, şeýle hem Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan we Özbegistandan wekiliýetler gatnaşdy.

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasy bilen wekilçilik etdi. Bu duşuşyklara Türkmenistanyň ilçisi gatnaşdy.

Şeýle duşuşyk birnäçe ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bu duşuşyklaryň 5-njisi ýene-de Moskwada geçirilipdi. 4-nji tapgyry geçen ýylyň maýynda Duşanbe şäherinde, üçünji tapgyry 2021-nji ýylyň noýabrynda Nýu-Deli şäherinde guralypdy.

Wladimir Putin duşuşykda eden çykyşynda Owganystana ynsanperwer kömegi bermegiň zerurdygyny belläp, bu ýurduň ösüşi üçin iri ykdysady taslamalaryň hem ähmiýetiniň uludygyny mälim etdi.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan döwleti Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömekleri iberýär, şeýle hem Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we beýleki pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirjisini, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijilerini görkezmek bolar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar