DÜNÝÄ

Türkmenistan Katarda ilçihana açýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan Katar Döwletinde özüniň ilçihanasyny açýar.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açar.

Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin çykdajylarynyň sanawy, şeýle hem daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny saklamak üçin çykdajylaryň sanawy tassyklanyldy.

Related posts

Hytaý toplumlaýyn 5G Internete geçýär

12-nji sentýabr – nemes diliniň güni

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýa Türkmenistandaky “ýaşyl” energetika taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Leave a Comment