DÜNÝÄ

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 64-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynda görkezilen wezipelere laýyklykda Toparyň geçen ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berildi.

Mundan başga-da, Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasy tassyklanyldy. Ýokarda agzalan meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýylyň birinji ýarymynda öňde duran wezipelere aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde ençeme ýyllaryň dowamynda işjeňlik görkezýändigini we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýändigini bellediler. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar