BIZNES

Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi şertnamasyna goşulmak isleýär

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin “TASS” habarlar gullugyna beren interwýusynda Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi şertnamasyna resmi taýdan goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini belläp, Russiýanyň bu ädimi uly hoşallyk bilen goljadakgyny aýtdy.

“”Demirgazyk-Günorta” geçelgesi boýunça şertnama bar. Türkmenistan onuň gatnaşyjysy bolmaga taýýar. Bu geçelge diňe bir Russiýa üçin däl, eýsem Türkmenistan üçin hem möhüm ulag geçelgesidir. Türkmenistan üstaşyr geçiriji döwlet bolmak bilen, goşmaça girdeji gazanmagy üçin hem möhümdir” – diýip, ilçi belledi.

Blohiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň bu şertnamanyň doly hukukly gatnaşyjysy bolmak üçin ähli gatnaşyjy ýurtlaryň razyçylygy zerurdyr. Russiýanyň muny goldajakdygyny bellän ilçi beýleki ýurtlaryň hem goldap çykyş etjekdigini mälim etdi.

Şeýle hem ilçi Türkmenistan bilen Russiýanyň Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça awtomobil ýoluny döretmek boýunça gepleşikler geçirýändigini belledi.

“Demirgazyk-Günorta” multimodal ulag geçelgesini döretmek baradaky hökümetara şertnama 2000-nji ýylda Russiýanyň, Hindistanyň we Eýranyň arasynda gol çekildi. Soňra oňa gatnaşyjylaryň sany 14-e ýetdi. Taslamanyň maksady – Hindistanyň, Eýranyň we Pars aýlagynyň ýurtlarynyň ýük akymlarynyň Russiýanyň üsti bilen Ýewropa aralaşmagyny üpjü etmekden ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek dowam etdiriler

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge girişilýär

“Ak şäherim Aşgabat” halkara maýa goýum we tehnologiýa gepleşiklerini giňelder

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler