BIZNES

Türkmenistan BSG-niň agzalygy üçin resmi taýdan ýüz tutdy

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak üçin resmi hatyny gowşurmak dabarasy BSG-niň merkezinde geçirildi.

“orient.tm” neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň BSG-niň baş direktory Ngozi Okonjo-Iwealanyň adyna iberen haty Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň hemişelik wekili Atageldi Haljanow tarapyndan gowşuryldy.

Türkmenistanyň bu gurama agza bolmak üçin iberen haty BSG-ä gatnaşyjy we synçy döwletleriň 12-nji ministrler maslahatynda serediler. Bu maslahat 30-njy noýabr-3-nji dekabr aralygynda geçiriler. Bu maslahatda Şweýsariýada saparda boljak Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow çykyş eder.

Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçy derejesi berildi.

 

Eýranyň Prezidenti Aşgabada gelýär

Related posts

Türkmenistan Londonda maýa goýum forumyny geçirer

Türkmenbaşy porty Özbegistan bilen Azerbaýjany üstaşyr ýük daşamalary bilen baglanyşdyrýar

Dubaýda ýokary tizlikli asma ýol gurlar

vepa