JEMGYÝET

Türkmenistan BSG-niň 73-nji sessiýasyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly 73-nji sessiýasy geçirildi. Sessiýa BSG-niň agza-döwletleriniň Saglygy goraýyş ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, BSG ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary hem-de BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory doktor Tedros Adhanom Gebreýesus çykyş etdi. Sessiýanyň dowamynda ähli gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw etmek bilen, ol pandemiýanyň häzirki ýagdaýlarynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň wajypdygy barada belledi.

Çäräniň dowamynda çykyş etmek bilen, türkmen wekilleri Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işleri, onuň halkara kadalaryna hem-de howplara we wehimlere laýyklykda kamilleşdirilmegi barada aýdyp geçdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary we dünýädäki epidemiologiki ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan çäreler barada nygtaldy. Türkmenistanyň BSG bilen geljekde hyzmatdaşlyga, şol sanda bütin adamzadyň saglygyny goramaga gönükdirilen başlangyçlaryň we maksatnamalaryň girizilmegine ygrarlydygy barada bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar