JEMGYÝET

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär

Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Halkara forumda çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary öz Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň tejribesi Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýändigini belledi.

– Parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna umyt edýäris hem-de dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygymyzy beýan edýäris, diýip Türkmenistanyň Prezidenti mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi