JEMGYÝET

Türkmenistan bilen ÝB tebigy gaz eksport strategiýalaryny maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri we bilelikdäki komitetiň ýolbaşçysy S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetine Bilim ministriniň orunbasary, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň wekilleri gatnaşdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň (ÝDHG) Dolandyryjysynyň Orunbasary, halkara hyzmatdaşlygy, söwda, energetika, hereket we ulag, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw, şeýle hem gözleg we innowasiýa bilen meşgullanýan Ýewropa Komissiýasynyň dürli müdürlikleriniň düzümleri wekilçilik etdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýy we onuň dünýä ykdysadyýetiniň integrasiýasyna ymtylmalary, esasanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak islegleriniň çäklerinde ýokardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika we daşky gurşaw meseleleri, gaz eksport strategiýalary, metanyň zyňyndylaryny azaltmak başlangyçlary we wodorod ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ulag, bilim, ýaşlar syýasaty, gözleg we innowasiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça baş müdirliginiň wekilleri, ÝDHG-niň wekilleri, Bilim we medeniýet boýunça Ýewropanyň ýerine ýetiriji gullugynyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça baş müdirligi bilen geçirilen duşuşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar