JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Malaýziýa ýokary derejeli saparlary gurar

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy hanym Dr. Şazelina Zaýnul Abidiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda ýokary derejeli saparlary amala aşyrylmagyň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreleriň ähmiýeti barada nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda, iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi.

Related posts

“Awaza”: 3 aýda 150 müňden gowrak türkmenistanly dynç aldy

Ata Watan Eserleri

Birbada 146 müň sargyt

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-ň Başlygyna gynanç bildirdiler