BIZNES

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Gazagystanyň Almaty şäherinde Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň we Gazagystanyň Demirýollary agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Gazagystanyň degişli edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda demirýol gatnamalarynyň netijeliligini artdyrmaga we hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalaryň möçberi 1.6 million donna deň boldy. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhedinde ýerleşýän Boşaak demirýol stansiýasyndaky bilelikdäki halkara geçiş nokadynyň işini täzeden ýola goýmak babatda ylalaşyldy.

Geçiş nokadynyň işiniň täzeden başlamagy demirýol gatnawynyň tertibini ep-esli aňsatlaşdyrmak we ýükleri barlamak üçin sarp edilýän wagty azaltmak üçin niýetlenendir. Alnan çäreler ýurtlaryň arasynda ýük daşamagyň mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu şertnama iki ýurduň ulag we logistika gatnaşyklaryny berkitmek islegini görkezýär, şeýle hem sebitleýin söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolup biler.

Related posts

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Hytaý Merkezi Aziýadan takmynan 5 million tonna tebigy gaz import etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri