BIZNES

Türkmenistan – Belarus: halkara sergiler boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşyk geçirdi.

 Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisine belarus işewürlerini giňden çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 2-6-njy iýunynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Белагро-2026” atly halkara oba hojalyk senagaty sergisine türkmen işewürleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek, şol sanda Türkmenistanyň pawilýony bilen çykyş etmek mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Taraplar halkara sergileriň işewür gatnaşyklary pugtalandyrmakda, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda we özara söwda dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler