BIZNES

«Türkmenawtoulaglary» agentligi: ýolagçylara 607 ugur boýunça hyzmat berilýär

Türmenistaniň Ministirler Kabinietiniň ýanyndaky Ulag we komunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi ýanwar aýynda ýerine ýetiren hyzmatlaryň ösüş depginini 119,7 göterime ýetirip, hyzmatlar ulgamynda öňe saýlandy.

Bu bolsa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işiniň geriminiň we döwrebaplaşdyrylmagynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýolagçylar 607 ugur boýunça gatnadylýar, şolardan 168 sany şäheriçi, 336 sany şäherýaka we 103 sany şäherara gatnawydyr. Ilatyň ýokary hilli ulag hyzmatlarynda talabyny kanagatlandyrmak üçin 2021-nji ýyldan şu güne çenli 26 awtobus ugry açyldy we döwrebaplaşdyryldy.

Kärhanalaryň ygtyýaryndaky awtobuslarda, taksilerde we ýük awtoulaglarynda GPS/Glonass ulgamlary oturdyldy. Paýtagtymyzdan ýurdumyzyň şäherara we şäheretegi ugurlaryna internet arkaly petek satyn alyp bolýar.

Döwrebap ýük ulaglarynyň ençemesi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýetişdirilýän galla we beýleki oba hojalyk ekinlerini, eksport we import ýükleri daşamakda giňden ulanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar