TEHNOLOGIÝA

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Airbus” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Airbus” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk boldy.

Duşuşygyň barşynda “Airbus” kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistan tarapynda kosmos giňişligi boýunça uzakda gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek babatda hyzmatlaryny hödürleri.

Ispan tarapy kosmos gullugy boýunça täze mümkinçiliklerini tanyşdyryp, telekommunikasiýa hyzmatlary we howpsuzlyk torlary babatda pikir alyşdylar. Türkmen tarapy Ýewropanyň öňdebaryjy aerokosmos senagaty korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň kosmos işi boýunça mümkinçilikleri döretmäge şert döretjekdigini belledi.

“Airbus” kompaniýasy Ýewropanyň kosmos we aeronawtika ulgamynda öňdebaryjy kompaniýasydyr.

Related posts

“Xiaomi” şereketiniň täze telefonlary: “Mi 11T” we “Mi 11T Pro”

Ata Watan Eserleri

Ýalany ýüze çykarýan enjam

“Instagram”-dan ýene bir täzelik