BIZNES

Türkmen wekiliýeti Seuldaky “World Smart City Expo” sergisine gatnaşar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine ugurdaş düzümleriň agzalary bilen bir hatarda ýurdumyzda bu ugur boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň goşulmagy göz öňünde tutulýar.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda belläp geçdi.

Related posts

Türkmenistanyň 3 bankynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdiriler

Owganystanyň wekilýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

Türkmen telekeçileri Gyrgyzystanda täze ylalaşyklar baglaşdy