DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Geňeşiniň 115-nji mejlisi öz işine başlady. Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we sebit guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurdumyzyň toplan oňyn tejribeleri barada nygtap geçdi.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada hem-de Howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda Ählumumy Ylalaşygyň wezipeleri, olaryň durmuşa geçirilişi barada belläp geçdi.
Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu halkara maslahata gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mejlis öz işini 28-nji noýabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy