BILIM

Türkmen oba hojalyk institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler

Türkmen oba hojalyk instituty 2020-2021-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 16-njy maýynda we 6-njy iýunynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara instituta girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-tejribeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar:

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgileri: 800322-9-33-92, 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefon belgileri: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly şäheriniň Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefon belgileri: 800564-6-00-83; 800564-6-07-84; 800564-6-30-82.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Bilim edaralaryna döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy

Türkmen küştçisi Mähri Agamuradowa Aktobedäki ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi