BILIM

Bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak barada…

Türkmenistanyň bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň Tertibi Türkmenistanyň bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran 444 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Şu Tertip hünär-tehniki bilim, orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini amala aşyrýan, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan, okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary we bilim işini amala aşyrýan beýleki edaralar (mundan beýläk – bilim edaralary) tarapyndan elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp geçirilýän bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar