BIZNES

Türkmen kompaniýalary Astrahanda geçiriljek ulag forumyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalary 23-24-nji aprelde Astrahanda geçiriljek “Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024” III halkara forumyna gatnaşarlar. Geljekki forumyň esasy gün tertibini Wolga-Hazar ulag we logistika ekosistemasy, şeýle hem halkara Demirgazyk-Günorta geçelgesi düzer.

Foruma portlaryň wekilleri, ýük eýeleri, deňiz operatorlary, Hazarýaka döwletleriniň eksportçylary we importçylary – Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan we Eýran gatnaşar. Forumyň ilkinji gününiň çäginde Astrahanyň birnäçe ýük portlary bilen tanyşlyk geçiriler.

Çäräniň çäginde deňiz ulag bazarynyň ýagdaýy we geljegi, port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Hazar deňzinde ulag pudagyndaky iri taslamalara maýa goýumlar boýunça pikir alyşmalar geçiriler, diýlip garaşylýar.

Related posts

Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy

Türkmenistanda hususy kärhana ilkinji gezek önümçilikde Gün energiýasyny ulanar

Eýranda iri gaz ýatagy tapyldy

Ata Watan Eserleri