JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ahal welaýatyna iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu gün, 14-nji iýunda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşigine bardy we bu ýerde GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti I.Kuzmin bilen söhbetdeş boldy.

Şeýle-de bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň başlygy Ç.Amanow hem-de alym-agronomlar boldular.

Ýurdumyza gelen myhman I.Kuzmin bilen gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilerine we agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi nygtaldy. Oba hojalykçylar, alym-agronomlar topragyň hasyllylygyny artdyrmak, täze ýerleri özleşdirmek işlerini häzirki zamanyň ylmy esasynda alyp barýarlar.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri daýhan birleşigiň kärendeçisi Ç.Annaýew bilen söhbetdeş bolup, onuň ekin meýdanlary, maşgala ýagdaýlary bilen gyzyklandy we oňa birnäçe maslahatlaryny berdi hem-de daýhanyň çekýän asylly zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlary gowşurdy.

Related posts

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Hepdelik täleýnama (19-25 iýul)

Dr.Döwran Orazgylyjov

Leave a Comment