JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýäniň kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandyny belläp, “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurluşygy dowam etdirilýän, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalar boýunça degişli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

 “Rönesans Holding” kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri taslamalara, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň nebitgaz pudagynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkiýeli hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy