Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Niderlandlar Patyşalygyna saparyny amala aşyrýar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilip geçilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhy üstünliklere beslenýär. Bu şanly ýylda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça geçirilýän dünýä çempionaty munuň aýdyň beýanydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, behişdi bedewleriň arasynda ilkinji gezek gözellik, kristal we konkur boýunça geçirilýän bu dnüýä çempionatynyň netijelerini jemlemek üçin Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, halkymyzyň göz guwanjyna we asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän türkmen halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhradyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen guramaçylyk döwlet topary döredildi.
Bu topara hut türkmen halkynyň Milli Lideriniň hut özi ýolbaşçylyk edýär. Bu geçiriljek çäreleriň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu mejlise gatnaşmagy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhradyny has-da belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
