JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Marydaky metjide baryp gördi

Mary welaýatyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Mary şäheriniň Gurbanguly Hajy metjidine baryp gördi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Bu ýerde Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamata atarylmagy, Hajy Arkadagymyzyň başyny başlan beýik maksatlarynyň Arkadagly Hajy Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin dileg edildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri öten-geçenleri ýatlap, sadaka berilse, aýat-töwirler okalsa, doga-dilegler edilse, pederlerden gelýän däp-dessurlaryň mynasyp derejede dowam edýändigini görkezer diýip belledi.

Hajy Arkadagymyz din wekillerine ýüzlenip, ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde uly işleri bitiren mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de kyblasy, özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna düşýändigini aýtmak bilen, olary ýagşylykda ýatlap, olaryň belli günleriniň arasynda gelýän Anna gününde belli gün sadakasyny bermek baradaky teklibini ýaşulular bilen geňeşip görmeklerini haýyş etdi. Munuň özi halkymyzyň pederlerini goýýan uly hormatynyň nyşanydyr.

Öz nobatlarynda din wekilleri halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen ägirt uly işleri üçin Hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly Hajy Serdarymyza uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi