JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Ýurdumyza sapar bilen gelen belent mertebili myhman türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda, mähirli garşylandy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan üçin bu halkara forumyna çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda bellenilip geçilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar