SPORT

Türkmen futzalçylary Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyryna çykdy

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu barada “tff.com.tm” internet sahypasynda bellenilýär.

Merkezi we Günorta sebitinde geçirilýän saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başardy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň futzal ýygyndysy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş eder.

 

Taýger Wudsuň täze rekordy

Related posts

Huşundan gidip, çempion boldy

«Talyp sporty» topary basketbolda Türkmenistanyň çempiony boldy

“Real Madrid” birinji orna geçdi