BILIM

Türkmen döwlet uniwersitetinde Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkiýe Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory, professor Musa Kazym Aryjan bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektorlary ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur alyp, bilimde, ylymda gazanylan üstünlikleri paýlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň bardygyny aýtdylar. Hususan-da, olar uniwersitetleriň ylym-bilim babatdaky işleri, olaryň gurluşy, hereket edýän fakultetler, kafedralar we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar.

Ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar döwletara ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde, häzirki zaman jemgyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Türkmenistan Türkiýäniň abraýly uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Related posts

Russiýa Federasiýasy : Halkara abraýly ýokary okuw mekdepleri :2022

Ata Watan Eserleri

Türkmen Döwlet Neşirýat Gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi: Talyp: 2021

vepa

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti:“Açyk Gapylar 2023”