JEMGYÝET

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumyny gurmak «Nahal» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. 2023-2024-nji okuw ýylyndan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlanar.

Related posts

Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gyrgyzystanyň Prezidentiniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Hytaý: 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri