BIZNES

Türkmen-belarus hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzda wideoaragatnaşyk arkaly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Pikiralyşmalaryň barşynda taraplaryň işewür gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi. Obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk senagaty, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmege, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga ýardam etjek anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmaga we iberilýän harytlaryň hem-de hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen goşmaça çäreleriň görülmeginiň zerurdygy bellenildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistana Belarusda öndürilýän ýük ulaglaryny we awtobuslary, oba hojalyk tehnikalaryny, lift enjamlaryny ibermek baradaky teklipler beýan edildi. Aşgabatda belarus tehnikasyna hyzmat edýän merkeziň işlemeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň oňyn ornuny belläp, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär