BIZNES

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi

Paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar.

Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýanyň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet paýtagtymyza geldi. Türkmen tarapyndan foruma birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy babatda ylalaşyldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Süýji-köke öndürýän “Balam” hususy kärhanasy bilen “Akras Flavours GmbH” kompaniýasynyň arasynda, şeýle-de Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler toplumy bilen Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň arasynda şertnamalar baglaşyldy.

Şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bitewi binýady döretmäge gönükdirilen umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar