JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmen alymlary köp gezeklik örtükleri dakynmagyň  peýdalaryny subut etdiler

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäginde howada tozan bölejikleriniň bardygy sebäpli howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň köçelerinde bir gezeklik lukmançylyk agyz-burun örtüklerinden hem-de köp gezeklik dokma toplumlarynda öndürilen agyz-burun örtüklerinden peýdalanýanlary görmek bolýar.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalada bellenişi ýaly, ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Tehnologiýalar merkeziniň arasynda ýörite ylalaşyk baglaşylyp, şonuň netijesinde köp gezeklik agyz-burun örtükleri babatda barlag işlerini geçirdiler.

Birnäçe laboratoriýa barlaglarynyň netijesinde, türkmen alymlary tozandan goramak üçin gaýtadan ulanylýan örtükleri dakynmagyň geýmegiň netijeligini subut etdiler. Laboratoriýada  S.A. Türkmenbaşy dokma toplumynda trikotaž hem-de flanel matadan tikilen köp gatly örtükler boýunça barlaglar geçirildi. Hünärmenler bu örtükleriň ykdysady nukdaýnazardan hem peýdaly bolup biljekdigini bellediler. Bu şahsy gorag enjamlaryny geýmegiň howadaky ýokary tozanly gurşawda möhümdigi nygtaldy.

Degişli barlag işlerinde mikrobiologiki arassalygy, süýümiň gurluş aýratynlyklary, örtükleriň dykyzlygy we çyglylygy öwrenildi.

Netijede, ähli önümleriň zerur önümçilik ülňülerine laýyk gelýändigi ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, örtügiň dizaýny täsirli goragy üpjün edýändigi, ýüzüň burun sebitiniň anatomiki aýratynlyklaryna gabat gelýändigi hem-de ulanylanda oňaýsyzlyk döretmeýändigi mälim edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Ata Watan Eserleri