BIZNES

Türkiýeli işewür awiasiýa kerosininı satyn aldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasyndaky söwdalaşmalar çärşenme güni, 2-nji noýabrda umumy jemi 934 müň amerikan dollary we 7,4 million manada barabar bolan üç geleşik baglaşylandan soň tamamlandy.

Türkiýeli işewür Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen ТС-1 awiasiýa kerosiniň 1 müň tonnasyny satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Geleşigiň jemi bahasy 934 müň amerikan dollary boldy.

Ýerli telekeçiler söwdalaşmalaryň barşynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen jemi 7,4 million manada barabar bolan geleşik baglaşyp, gysga süýümli pagtanyň jemi 430 tonnasyny satyn aldylar.

Related posts

Türkmenistan Merkez Bankası’ndan hızlı ödeme sistemi

vepa

Türkmenistan bilen Hindistan işewür hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Elektron söwda ulgamy boýunça maslahat

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment