JEMGYÝET

Türkiýäniň Aşgabada täze bellenen ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ministr R.Meredow ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň, şeýle hem BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler ýaly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine özara gyzyklanmalary beýan edildi.

Iň ýokary we ýokary derejelerde saparlary we gepleşikleri guramagy dowam etdirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Duşuşykda Ilçi Ahmet Demirok Türkmenistanyň daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik işiniň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Related posts

Sebitiň ýurtlary türkmen tebigy gazyny “swap” usulynda import etmäge gyzyklanma bildirýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň Mejlisiniň başlygy Türkmenistana geldi

Bill Geýtsden waksina üçin 388 million dollar

Ata Watan Eserleri