DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň 11-nji sammiti geçirildi

Şu gün Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 11-nji sammiti geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk eden sammitine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem guaram synçy bolan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gatnaşdy. Guramanyň synçy agzasy Türkmenistana Gyrgyz Respublikasyndaky ilçi Nury Gölliýew wekilçilik etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň täze “Yntymak-Ordo” döwlet kabulhanasynda geçirilen sammitiň öňüsyrasynda gurama gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary bilelikdäki surata düşdiler.

Soňra sammit öz işine dowam edip, onda guramanyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk, sanly we ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Bu sammitiň öňüsyrasynda ürki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy. Bu duşuşykda Guramanyň çäginde oňa agza döwletleriň hemişelik wekilleriniň hereket etmegine degişli çözgüt tassyklandy.

Related posts

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Mary şäheri : Eýranyň baş konsuly öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişdi