DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasyna täze baş sekretar bellener

11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde geçiriler. Bu sammitde gurama täze baş sekretary bellenilmegine garaşylýar. Bu barada “www.uzdaily.uz” internet neşiri habar berýär.

Garaşylyşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kubanyçbek Omuraliýewiň Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary wezipesine saýlanylmagyna garaşylýar.

Guramanyň baş sekretary 3 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Häzirki wagtda bu guramanyň baş sekretarlyk wezipesini Bagdad Amraýew alyp barýar.

Related posts

Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň taryhy duşuşygy

Abdel Fattah as-Sisi täzeden Müsüriň prezidentligine saýlandy

Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň “akylly” şäherleri gurmak tejribesine gyzyklanma bildirýär

Leave a Comment