JEMGYÝET

Täsin heýkeltaraş

Onuň ady Jon Lopez. Ol ABŞ-nyň Günorta Dakota Ştatynda ýaşaýar. Onuň esasy täsinligi bolsa heýkellerini könelişen oba hojalyk enjamlaryndan ýasaýanlygydyr. Ol bu enjamlary haýwanlaryň täsin heýkellerine öwrüp bilýär.

Ol könelişen enjamlarda görýän täsin şekillerini esere öwürmegiň ussady. Bu eserleriň hyrydary hem köp. ABŞ-nyň dürli restoranlaryny, howa menzillerini we käbir resmi binalaryny, hut, Jon Lopeziň ýasan heýkelleri bezeýär.

Heýkeltaraş ozal bürünçden heýkelleri ýasaýardy. Ýöne kellesine tötänden gelen täze pikir onuň özüne mahsus ýoluň başlangyjyna öwrüldi. Döredijiliginde Amerika we Ýewropa medeniýetini birleşdiren ussadyň eserleriniň arasynda haýbatly bürgüde-de, belent başly ýolbarsa-da, atyň üstündäki kawboýa-da gabat gelmek mümkin.

Related posts

Prezident Donald Trampdan hat gelip gowuşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy açyldy