Türkmenlerde Sport Sallançakdan Başlanýar

Türkmenleri ýakyndan tanamaýan adamlar ýa-da türkmen durmuşyna näbeletler üçin ylmy çykyşymyzyň bu bölümine berlen at gaty geň bolup biler. Emma Türkmenistanda doglup, türkmenleriň arasynda ýaşap, olaryň milli däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna belet bolan daşary ýurtly adamlara ýa-da başga halkyň wekillerine munuň geň-taňlygy ýokdur.

Türkmeniň sosial durmuşynyň, ýaşaýyş medeniýetiniň we halk edebiýatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän sallançak hakynda gadymdan galan şeýle setirler bar:

“Allan-allan allançak,

Akar suwlar bulançak,

Altmyş başly ak öýüň

Ýaraşygy sallançak…”

 

Türkmenlere mahsus bolan “allan-allan”, “allan-allan etmek”, “allaý-allaý”, “allaý-allaý etmek”, “allalamak” sözleri sallançaga bat berýän hüwdi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin oňa “hüwdülemek” hem diýilýär.

Hüwdi aslynda iň ilkinji milli şygrymyzdyr. Ony düzenem, hoşamaý owaz bilen bezänem türkmen enesidir. Başgaça aýdylanda, türkmenlerde şygyr sungatynyň enelerden başlanýandygyna hüwdi şaýatlyk edýär. Ony diňlemedik türkmen ýok bolsa gerek.

Sallançagyň özboluşly owazy bardyr. Bu owaz hakynda-da türkmen ussat sazandalary tarapyndan ýörite milli owazyň döredilendiginden gürrüň edilýär. Has dogrusy, halk arasynda türkmenleriň meşhur sazandasy Mylly aganyň “Sallançak owazy” diyen sazy döredendigi aýdylýar. Elbetde, halk aýtsa, galp aýtmajakdygy bellidir.

Çaga terbiýesinde enäniň roly hakynda giňişleýin gürrüň etsek-de, bu meselede sallançagyň we hüwdüniň hyzmatyny ylmy esasda henize çenli doly hem-de içgin öwrenip, halkymyza ýetirip bilmedik.

Hüwdi, ejelerimiziň, enelerimiziň, mamalarymyzyň nesilden-nesle galdyryp gelen milli mirasydyr. Köki gadymýete uzanýan bu miras hemişelik ýaşaýan mirasa öwrülipdir. Türkmen enesiniň öz perzendi üçin söýgüdir mähir bilen ýugrumyny ýetiren we tüýs ýüreginden, giň göwnünden saýlap seçen senaly setirleridir. Sallançagyň hereketini öz mylaýym owazy bilen sazlaşdyryp, çagasynyň arkaýynlygyny, rahatlygyny üpjün edýän serişdesidir.

Sallançagy doly derňäp, içgin öwrenmek üçin, öňi bilen, deňeşdirilmegi göz öňünde tutulýan türkmen we türk dilllerinde sallançaga berlen düşündiriş bilen tanşalyň:

Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “sallançak” sözüne iki sany düşündiriş berilýär: “1.Içine ýaş çaga salnyp üwrenilýän enjam. 2.gepl. d. Hiňňildik, bat.” Türk diliniň düşündirişli sözlüginde sallançagyň ornuna ulanylýan “beşik” sözüne üç sany düşündiriş berilýär:

“1.Süt çocuklarını yatırmaya ve sallayarak uyutmaya yarayan, tahta veya demirden yapılmış sallanır bir çeşit küçük karyola. (Süýt emýän çagalary ýatyrmaga we yralap uklatmaga ýaraýan tagtadan ýa-da demirden edilen kiçijik gapyrjak )2.mec. Bir şeyin doğup geliştiği yer. (Bir zadyň dogup-dörän, önüp-ösen, meşhurlyga öwrülen ýeri) 3. sp. Yüz üstü yatışta, geriye bükülü ayak bileklerini ellerle kavrayarak karın üzerinde baş ve ayak yönünde sallanma (Ýüzin ýatyp, yza eplenen aýaklarynyň topuklaryny elleri bilen tutup, garnynyň üstünde kelle we aýaklarynyň ugry bilen süýşenekleme).”

Berlen düşündirişlerden hem bilnişi ýaly, türkmen dilindäki “sallançak” hem, türk dilindäki “beşik” hem aňladýan esasy manysy boýunça kiçijik çagalar bilen baglanyşykly birmeňzeş hyzmaty ýerine ýetirýärler.

Ýöne gadymy gelip çykyşy we gurluşy taýyndan türkmen sallançagy türk beşiginden tapawutlanýar. Türk dilinde “beşik” üçin “sallamak” işligi ulanylýar, şol işligiň manysy şeyle düşündirilýär: “düzenli bir biçimde ve hep aynı doğrultuda hareket ettirmek” (birsydyrgyn biçimde we birmeňzeş ýagdaýda hereket etdirmek).

Aslynda her bir zadyň taryhynyň bolşy ýaly, türkmen sallançagynyň hem taryhy bardyr. Ony geljekde düýpli derňäp, onuň häsiyetli aýratynlyklaryny doly hasaba alyp, halka we dünýä tanatmak türkmen alymlarynyň öňünde durýan jogapkärçilikli wezipeleriniň biridir. Çünki, sallançak türkmen milli we medeni mirasynyň aýrylmaz bir parçasydyr.

Türkmen mamalarynyň, eneleriniň gürrüň berşine görä, sallançagynyň gelip çykyşynda ýa-da başlangyjynda häzirki wagtdaky ýaly ağaç bolmandyr. Türkmen sallançagynda demir asla ulanylmandyr. Üstesine-de, türkmen sallançagyny ýasamaklyga, gurnamaklyga erkek adamlar gatnaşmandyrlar.

Türkmen eneleri çagalarynyň sallançaklaryny öz elleri bilen eden keçe, kilim, palas, haly ýaly dokma önümleri bilen bezäpdirler. Dürli ýüňlerden egrip, ýüplükleriň birnäçesini bilelikde işip, çöp boýalar bilen reňkläp, sallançagyň ýörite ýüplerini taýýarlapdyrlar.

Türkmen eneleri yrym edip, öz çagalaryny ýaman nazardan gorap saklamak maksady bilen sallançaga dürli dogajyklar asypdyrlar.

Çaganyň başujy we aýagujy üçin ulanylýan, iki ýüpüň arasyna goýulýan taýajyklar halk arasynda mukaddes hasaplanylýan  dagdan, sözen, yrgaý ýaly agaçlardan taýýarlanylypdyr.

Türkmen sallançagynyň kömegi bilen, bir tarapdan, çagalar hereketlendirilme ýoly bilen rahatlandyrylýan bolsa, beýleki bir tarapdan-da, çagalar sallançakdan başlap el, aýak, kelle, boýun, göwre, gysgaçasy, bedeni bilen baglanyşykly dürli hereketleri öwrenip başlaýarlar. Başgaça aýdylanda, çaganyň beden bilen baglanyşykly terbiýesiniň başlangyç döwri enäniň hüwdüsi bilen batlanýan sallançakdan gözbaş alýar.

Sallançak bilen baglanyşykly turuwbaşdan bellenilmeli we ilkinji nobatda hasaba alynmaly hereketleriň biri çaganyň ýerden ýokary galdyrylmagydyr.  Ýokary derejä ýetirmek, beýgeltmek, belende çykarmak, ruhyny belende götermek ýaly häsiýetler türkmenlere mahsus bolan nusgalardyr. Türkmenler, çaga gezek gelende, gaty hamrakdyr. Penzendi başynyň täji hasaplap, ýokarda tutarlar. Başgaça aýdylanda, çaga sallançagyň kömegi bilen wagtyň belli bir bölegini, käwagtlarda günüň köp bölegini ýerden ýokarda geçirýär. Sallançaga salnyp, ýerden ortaça 40-50 sm ýokary galdyrylmagy türkmen çagasynyň geljekdäki durmuş hereketliligine türgenleşdirmegiň başlangyjydyr.

Şeýle hem sallançak çagany bat almaklyga taýýarlaýar, şol badyň tizligine endik etdirýär. Netijede, çaga ýuwaş-ýuwaş hereketliligiň dürli görnüşlerine öwrenişýär. Onuň her bir görnüşine endik edip başlaýar.

Esasy meseläniň, sallançagy sport bilen baglanyşdyrmagyň ýa-da sözi sallançakdan başlamanyň özüne ýetesi ençeme sebäpleri bar. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň.

Sallançak hereketiň we beden sazlaşygynyň merkezidir. Sallançak gymyldynyň, yrgyldynyň, gozganmagyň, mahlasy, dürli hereketleriň başlangyç merkezi hasaplanylýar. Garagumuň merkezinde ýerleşýän obada dünýä gözüni açan türkmen çagajygy özüne ömürboýy garaşýan hereketliligi hut şu ýerdäki ak öýüň törüni bezeýän, onuň mukaddesligi hasaplanýan sallançakdan öwrenýär.

Sallançagyň saýasynda çagalar dürli hereketlere endik etdirilýär, hereketiň tizligine öwrenişdirilýär, hereket sazlaşygy esasynda gerekli ynjalyk bilen üpjün edilýär, ýaşajyk beden bilen ony hereketlendiriji güýjüň arasynda özara ylalaşyk ýola goýulýar, mahlasy, heniz bekemedik beden ýuwaş-ýuwaş hereket bilen taplanyp, çeýeleşip ugraýar.

Dr. Berdi Saryýewiň  “Türkmenlerde sport sallançakdan başlanýar” atly eseriniň dowamyny ýakyn günlerde Size ýetireris. Bu eser, Dr.Saryýewiň,  2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ankara şäherindäki ilçihanasy bilen Türkiýäniň Ýaşlyk we Sport baradaky ministrliginiň bilelikde guran ylmy maslahatynda eden çykyşynyň bir bölümi bolup durýar.  Döwlet adamlarynyň we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşan bu ylmy maslahatynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen “5-nji Aziýa ýapyk binalarda we söweş sungaty oýunlary” tanadyldy. 

Related posts

15-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewe käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri täzelendi

Mämmet Akmämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlygyna bellendi

14-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistan we Hytaý «Müňýyllygyň behişdi bedewleri» atly sergini gurnaýar

Türkmen türgeni ilkinji gezek Real American Freestyle (RAF) ýaryşynda çykyş eder

Ata Watan Eserleri

13-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça halkara taslama durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň uzakdaky ilatly ýerleri üçin energetika geçişini goldamak boýunça täze taslama durmuşa geçirilýär

Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary tapgyrlaýyn ýatyrmak boýunça täze taslama durmuşa geçiriler

Garri Keýniň nobatdaky rekordy

Kubanyçbek Omuraliýew Türki maýa goýum gaznasynyň başlygy wezipesine bellenildi

COP 31: Türkmenistanyň daşary işler ministriniň halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary

Rifat Hisarjyklyoglu türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy

«Amul-Hazar» atly ýörişi badalga aldy

Türkmenistanyň wekilleri PRESETT maksatnamasy boýunça sebitara okuw maslahatyna gatnaşdylar

COP31: Türkmenistanyň milli pawilýony myhmanlaryň üns merkezinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamagy teklip etdi

12-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri