JEMGYÝET

Türkmen telekeçileri üçin eksport seminary

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistandaky kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri üçin eksport meseleleri boýunça okuw seminaryny guraýar. 3 gün dowam etjek “Söwdanyň maliýeleşdirilmegi hem-de eksportuň öňdebaryjy tejribesi” atly okuw maslahaty Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan geçiriler.

Şu ýylyň 20-22-nji fewralynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriljek okuw maslahaty türkmen işewürleri – önümçilik kärhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem kiçi we orta kärhanalarynyň eksport boýunça menejerleri üçin ýörite gurnalýandyr. Ony Beýik Britaniýanyň dünýä belli “Crown Agents” kompaniýasynyň bilermenleri alyp bararlar.

Okuw maslahatynyň çäklerinde türkmen telekeçilerine öz önümlerini daşary ýurt bazaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini giňeltmek babatda degişli maglumatlar berler. Şeýle hem halkara söwda bilen baglanyşykly eksport amallarynyň dolandyrylmagy, bazaryň ýagdaýy barada maglumat almaga mümkinçilik dörediler.

Multimediýa görnüşinde geçiriljek okuw maslahatynyň çäklerinde indiwidual maslahat beriş çäreleri hem geçirilip, onda telekeçilere işewürlik maksatlary we strategiýasy esasynda eksporty ösdürmegiň strategiýasyny hem-de meýilnamasyny işläp düzmek bilen baglanyşykly degerli kömekler berler.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda ozal hem şeýle okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirip gelýärdi, ýöne bu gezekki okuw maslahaty “Advanced” derejesinde bolup, derejesiniň ýokarlygy bilen tapawutlanar.

Okuw maslahatyna gatnaşmak üçin 2019-njy ýylyň 5-nji fewralyna çenli “knowhowturkmenistan@ebrd.com” elektron poçta arkalay ýüz tutmaly. Gatnaşyjylaryň sanynyň çäklidigi ýatladylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy