ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň 2-nji prezidentlik möhletiniň 100 gününde 124-den gowrak karara gol çekilip, uly özgertmeleriň başyny başlandyklaryny habar berdi.
47-nji Prezidenti Tramp 100 günde 124 karar gol çekdi. ABŞ-nyň Federal sanawynyň maglumatyna görä, mundan ozalky Prezidentler özüniň 5 ýyllyk döwlet baştutany ygtyýarlyklary döwründe Jo Baýden 162 karar, Barak Obama 377 karar, Jorj Buş 291 karar, Bill Klinton 364 karara gol çekipdi.
Trampyň özi bolsa, 1-nji prezidentlik möhletinde 220 karara gol çekipdi.
Doland Tramp ýurdy ykdysady taýdan ýene-de dünýäniň iň güýçli döwletine öwürmek babatda iş alyp barýandyklaryny belledi we iri kompaniýalaryň uly möçberde maýa goýumlary özleşdirjekdigini aýtdy.
Diňe “Apple” kompaniýasy 500 milliardlyk maýa goýum bilen ABŞ-da 20 müň iş ornuny döretmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem Saud Arabystanyda hem-de Birleşen Arap Emirliklerinden uly möçberde maýa goýumlary çekmek meýilleşdirilýär.