SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Traktorda “Sputnik-V” sanjymynyň suraty çekildi

Meýdanlarda traktory bilen uly göwrümli suratlar döredýän italýan suratkeşi Dario Gambarin, nobatdaky täze suratyny Russiýanyň “Sputnik-V” koronawirusa garşy sanjymyna bagyşlady. Ol mart aýynyň ortalarynda Italiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Kastanýaro meýdanynda, “Sputnik-V” ýazgyly ampulany şekillendirýän ullakan surat döretdi. Meýdanda çekilen suraty görenden soňra, Gambarin öz awtorçylygyny resmi taýdan tassyklady we hemmeleri gelip, täze surata tomaşa etmäge çagyrdy.

Suratkeşiň aýtmagyna görä döreden suraty tötänleýin bolup, ýakyn wagtda Italiýada rus sanjymynyň öndürilip başlanjakdygy baradaky häzirki habarlardan ylham alypdyr. Gambarin 10 ýyldan gowrak wagt bäri meýdanda ajaýyp suratlary döredýär. Adatça suratlarynyň mowzugyny möhüm gün tertibinden saýlaýar. 2020-nji ýylyň fewral aýynda bolsa suratkeş koronawirusyň suratyny çekipdir. Şeýle hem Gambarin meýdanda traktory bilen meşhur şahsyýetleriň suratyny çekipdir diýip, “Formiche” neşiri habar berýär.

 

Stambuldaky taryhy kinoteatr täzeden açyldy

 

 

Related posts

Jo Baýden sanjym etdirdi

Ata Watan Eserleri

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde nemes bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri