PEÝDALY MASLAHAT

Towuk sousy (sotesi)

Gerekli önümler:

2 nahar çemçesi ýag

300 gram towuk eti

1 sany sogan

1 sany bulgar

1-2 sany gyzyl burç

1 sany pomidor

1 çaý çemçesi duz

1 çaý çemçesi gara burç

1 çaý çemçesi ownuk gyzyl burç

1 çaý çemçesi gury narpyz

Taýýarlanyşy:

Gazana 2 nahar çemçesi ýag guýalyň we 300 gram dogralan towugy goşup, olary güýçli ýanýan otda gowurmaly. Bişen towuklaryň üstüne 1 sany ownuk dogralan sogany goşup garyşdyrýarys we bişirmegi dowam etdirýäris. Dogralan bulgary, gyzyl burçy hem-de 1 sany dogralan pomidory üstüne goşýarys. Biraz suwuny siňdirenden soň, duzdan, gara burçdan, gyzyl burçdan we guradylan narpyzdan 1 çaý çemçesi goşup, gowy garmaly. Gowy bişirilenden soň towugyňyzy otdan alyň we saçaga äberiň! Işdäňiz açyk bolsun!

ABŞ-da tekjede 1 gamburger 5 ýyl saklandy

Related posts

“Duralga” ykjam goşundysy – awtobuslaryň hereketi ugry

Ata Watan Eserleri

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkiye ve Türkmenistan arasında Tercüme Köprüsü

Dr.Döwran Orazgylyjov