JEMGYÝET

Tokaý zolaklarynyň azalmagy…

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky 20 ýylyň dowamynda dünýäde tokaý zolagynyň 100 million gektary ýok bolup gitdi. Bu barada “European Data News Hub” saýty BMG-niň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň (FAO) hasabatyna görä, umumy ýer meýdanyndaky tokaýlaryň paýy 2000-nji ýylda 31,9% göterimden, 2020-nji ýylda 31.2% göterime çenli azalandygyny we häzirki wagtda 4,1 milliard gektar töweregi tokaý zolagy galandygyny bellenilýär. Bu bolsa dünýädäki tokaýlaryň 100 million gektara golaýynyň ýitip gidendigini görkezýär.

Tokaý zolagynyň azalmagy esasan Afrika yklymynda, Günorta-Gündogar Aziýa, şeýle hem Latyn we Merkezi Amerika sebitlerinde bolup geçdi.  Mundan başga-da, tokaý zolagyny döretmek we tokaýlaryň tebigy ösmegini üpjün etmek syýasaty sebäpli Aziýanyň, Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň köp ýerlerinde tokaý zolaklary soňky bäş ýylda artdy.

Bütindünýä tebigy baýlyklar instituty tarapyndan döredilen “Global Tokaý gözegçilik gullugynyň” habar bermegine görä, 2019-njy ýylda iň köp tokaý zolaklaryny ýitiren bäş ýurt yglan edildi:

  1. 1. Russiýa Federasiýasy (3,7 million gektar ýitgi).
  2. 2. Braziliýa (2,7 million gektar ýitgi).
  3. 3. Kanada (2,2 million gektar ýitgi).
  4. 4. ABŞ (2,1 million gektar ýitgi).
  5. 5. Awstraliýa (-1,7 million gektar ýitgi).

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy