SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Belgiýa koronawirus çäklendirmeleri gowşadýar

Belgiýa Türkiýeden gelýän ýolagçylar üçin sanjym ýa-da negatiw PCR barlag güwänamasy talaplary ýatyrandygy habar berildi. Bu barada Türkiýäniň “Türkhowaýollary” (THY) awiakompaniýasy habar berdi.

Belgiýanyň koronawirus ýokanjy garşy öňüni alyş çäreleriniň çäklerinde ozal talap edýän bu resminamalary mundan beýläk talap etmeýändigi bellenildi.

THY-nyň jemgyýetçilik torundaky beýanata görä, Belgiýa syýahat etjek ýolagçylaryň mundan beýläk hiç hili resminama görkezmän, ýurda girip biljekdigi bellenildi. Belgiýanyň koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini ýatyrandygy, “Belgiýa barlanda sanjym şahadatnamasy we PCR barlag güwänamasy görkezmek zerurlygy ýok” diýlip beýanat berildi.

 

Klopp möwsümiň iň gowy tälimçisi boldy

Related posts

Hytaýda çagalar üçin waksina bellige alyndy

Russiýadan Türkmenistan uçar gatnawlarynyň bahalary üýtgeýär

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy