BIZNES

“Tesla”-nyň 50 milliard dollarlyk ýitgisi

“Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Elon Musk, elektrik awtonom awtoulaglaryň bahasyny takmynan 25 müň dollar arzanlatmak üçin batareýalary ulanmagyň 3 ýyl bolandygyny yglan edeninden soň, kompaniýanyň paýnamalary 50 milliard dollar gymmatyny ýitirdi. “Tesla”-nyň bazar bahasy sişenbe güni bazarda 5,6 göterim azalyp, amallar gutarandan 2 sagat soň, ýene 20 milliard dollar pese gaçyp, 6,9 göterime deň boldy. Maýa goýumçylary her ýyl 22-nji sentýabrda geçirmek ýola goýlan “Batareýa güni” çäresinde “Tesla”-dan öňegidişlige garaşýardylar. Şeýle-de bolsa, Musk bu mesele boýunça hiç hili beýanat bermedi.

Geljek üç ýylyň dowamynda Musk batareýanyň çykdajylaryny ýarym esse azaltmagy we 25 000 dollar bahasy bolan täze modeli çykarmagy wada berdi.

Beýleki tarapdan, “Tesla” kompaniýasy “Model S Plaid” diýlip atlandyrylýan 520 mil aralygy geçip biljek täze modelini hödürledi. Sagatda 320 km tizlige barabar boljak täze modeliň 2021-nji ýylda önümçilige başlamagyna garaşylýar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler