BILIM

Tehnologiýalar merkezi Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyryldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak bellenildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna:

— Halkara ylmy-tehnologiýa parky hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

— Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar