BIZNES

Tehnologiýa kompaniýalaryna goldaw üçin gazna döretdi

Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa we Belgiýa hem-de Ýewropa maýa goýum banky geljegi uly tehnologiýa kompaniýalaryna goldaw bermek üçin esaslyk maýasy jemi 3 milliard 750 million ýewro möçberinde gazna döretdi.

Gaznanyň geljegi uly Ýewropa innowasiýa kompaniýalaryna zerur bolan maýa goýum serişdelerini  gönükdirjekdigi bellenildi. Bu gazna Ýewropada ýokary tehnologiýa pudagynda “içerki innowasiýa we telekeçilik” ulgamyna goşant goşar.

Ýewropadaky täze tehnologiýa kompaniýalarynyň, umuman alanyňda, dünýä derejesinde bäsleşmek üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň ýokdugy üçin daşary ýurtlara gidip, şol ýerde işleri dowam etdirýändikleri bellenildi. Şonuň döredilen gazna kompaniýalary Ýewropada saklap, köp sanly hünärmenleriň ýetişdirilmegi we ykdysady ösüşi çaltlaşdyrjak taslamalaryň durmuşa geçirilmegini gazanmak maksat edinilýär.

Bellenilişina görä, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Ispaniýanyň Ýewropa maýa goýum gaznasy tarapyndan dolandyryljak bu gazna 1 milliard ýewro, Italiýa 150 million ýewro we Belgiýa 100 million ýewro berjekdigi, Ýewropa maýa goýum bankynyň 500 million ýewro berjekdigini mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi