BIZNES

Tatarystan Türkmenistana lukmançylyk maksatly 2 sany dikuçar iberer

Kazanyň dikuçar zawody Türkmenistana lukmançylyk maksatly 2 sany dikuçar ibermegi göz öňünde tutýar. bu barada Tatarystanyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko žurnalistlere beren beýanatynda belläp geçdi.

– Kazanyň dikuçar zawody Türkmenistana “Mi-8” we “Ansat” kysymly lukmançylyk maksatly 2 sany dikuçary ibermek boýunça gepleşikler geçirýär. Ýakyn wagtda bu dikuçarlaryň iberilmegine degişli guramaçylyk işleri geçiriler – diýip, ministr  Oleg Korobçenko Aşgabatda geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar toparynyň mejlisiniň çäklerinde belläp geçdi.

Ozal habar berlişine görä, Kazanyň dikuçar zawody 2009-2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistana 13 sany dikuçar iberdi.

Related posts

Türkmenistan Global Ulaştırma Konferansı’na hazırlanıyor

vepa

Türkmenistan özüniň eksportda gazananlaryny görkezer

«Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» Paýdarlar jemgyýeti täze taslama amala aşyrar

Leave a Comment