BILIM

“Talyp karzy” mümkinçiligi

HOR­MAT­LY TA­LYP­LAR WE ENE-ATA­LAR!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.  Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edilipdir.«Talyp karzy» Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.

Karzyň möçberi okuwyň tölegini tölemek baradaky şertnama laýyklykda ýa-da hasap sypatnamada görkezilen möçberde nagt däl görnüşinde ýyllyk 5 göterim bilen 5 ýyl möhlete çenli.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde girew emlägi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy kabul edilýär.

 «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriň ýüztutmalarynyň we degişli resminamalarynyň bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edilýändigini ýatladýarys.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri­: 44-02-65; 44-03-04.

Şa­ham­ça­la­ryň sal­gy­la­ry we te­le­fon bel­gi­le­ri ban­kyň res­mi in­ter­net sa­hy­pa­syn­da ýer­leş­di­ri­len­dir.

Iň köp aýlyk alýan sazandalaryň sanawynda ýeke-täk zenan: Teýlor Swift

 

 

Related posts

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär