SPORT

Tälimçisine iň köp hak töleýän topar

Angliýa Futbol federasiýasy “Premýer liga” çempionatynyň 20 sany toparlaryň tälimçilerine ýyllyk tölenýän zähmet haklarynyň sanawyny düzdi. Sanawyň birinji ornuny çempionlyga bir ädim galan “Liwerpul” we onuň tälimçisi Ýurgen Klopp eýeleýär. Onuň ýyllyk zähmet tölegi 30 million sterling pul möçberine barabar boldy. Sanawda “Mançester Siti” (29 million sterling), “Mançester Ýunaýted” (27 million sterling), “Çelsi” (26 million sterling) topary hem öňdeligi eýeledi. “Arsenal”, “Tottenhem”, “West Hem”, “Lester Siti” toparlaryndan öňe saýlanan  “Ewerton” topary, soňky iki transfer möwsüminde iki tälimçä takmynan 17 million sterling hak töledi.

Related posts

Çempionlar ligasynda 1000 gola ýeten ilkinji topar

Kuraş-2023: Sanjar Abdirahmanow ýarym finalda

Ata Watan Eserleri

Iň gowy milli çempionat

Ata Watan Eserleri