ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Tagan Saryýew: «Annam brigatly» söhbet

Ýakynda meşhur wäşi artist Tagan Saryýewleriň maşgala ojagyna bardym. Bu öýde 2004-nji ýylda-da söhbetdeşlik taýýarlapdym. Şol gezek Tagan aganyň gyzy Gülnar bilen jaňlaşyp öý salgylaryny alypdym. «Öýümiz «Laçyn» dükanyň golaýynda» diýensoň, haýsy jaýdygyny anyklabam durman ýola düşdüm. Dükanyň gapdalyna bardym-da, ýanynda pomidor satyp oturan daýza salam berip, «Daýza, şu töwerekde ýaşaýaňyzmy? Türkmenistanyň halk artisti Tagan Saryýewleň öýlerini gözleýän welin, salgy beräýiň-dä!» diýdim. Ol: — Onuň ýaly adamyň bu golaýda-ha öýleri ýok — diýdi. Onsoň ýene iki-üç adamdan soradym-da, ahyry anyk jogap alyp bilmän yzyma dolandym. Daýza: — Gözleýän öýüňi tapyp bilmän kösenäýdiň-dä, gyzym — diýip, nebsagyryjylyk bilen habar gatdy. Wah, öýden gaýdamda anyklaýmaly ekenim welin, ýalňyşypdyryn. «Annam brigat» diýip tanalýan artist bolansoň, öýlerini tapmak beýle kyn düşer öýtmedim — diýenimden ol: — Annam brigatlaň öýleri-hä hon-ha, şol öý, gyzym. Ýöne hälki Tagan Sarylaň öýi diýip soran salgyňy-ha bilemok, çagam — diýip düşündirdi. Ýylgyrdymda, sag bol, daýza — diýip, haýdap salgy berlen öýe bardym. Salam berip  gapydan girenimden Tagan Saryýewiň sahna keşbindäki uly portret suratynyň diwardan asylgy duranyna gözüm düşdi. Barşyma-da ýol salgy beren daýza bilen bagly ýaňky pursady gürrüň berdim. Tagan aganyň aýaly Ogulgerek gelneje gülüp:  — «Annam brigadyň aýaly», «Annam brigadyň agtyklary» diýýärler. Bir gün öýümize «Tiz kömek» çagyrdyk. Lukman gapydan girdi welin, Taganyň şu portret suratyna gözi düşdi. «Wiý, bu artistiň suratyny öýüňizden asaýdyňyzmy? Näme, siz ony gowy görýädiňizmi? Annam brigat pahyry» diýip soraýar. Menem güldim-de:

— Hawa, gowy görýäs — diýdim — diýip, töre geçmegimi mürähet etdi. Saglyk-amanlyk soraşdy. Soňra-da gürrüňini maşgala durmuşy baradaky söhbet bilen dowam etdi. —Tagan bilen 1965-nji ýylda durmuş gurduk. Bir oglum, bir gyzym, agtyklarym bar. Tagan bilen bary-ýogy on bäş ýyl ýaşaşdyk. On bäş sagat ýaly geçip gitdi. Öz ýanymdan ýatlamda: «Käwagt meni urup-sögüpdi» diýip, ýigrenç dörär ýaly pursatam gerek eken. «Özüňi köşeşdirmek üçin gerek bor» diýip, şo ýatlamany goýman gitdi. Oňa ähli kişi «artist» diýýär, emma onuň öýde-de hereketi, häsiýeti şo bolşudy. Bir ýere barsa, nämesindendigini bilemok. Her kim şony gürletjek bolýar. «Uniwermagdan» saç daralýan çotga darak aljak bolýar. Satyjy gyzlaram «Bu darak gyzlaryň darag-a» diýip degişýärler. Olam:

— Ýok men bu daragy arka gaşamaga alýan — diýse-de, hezil edip gülüşýärler. Bir günem işden gelýär. Gapa ýetende goňşy öýden üýtgeşik bir ses eşidilýär. Öýümize girmän, goňşuň gapysyny açýar. Barsa, goňşy gaty sesi bilen, çagasyny hüwdüläp oturan eken.

— Häk, sesiň gursun! Aglaýansyňyz öýtdüm — diýip, gapyny ýapyp gaýdypdyr. Mazaly gaty görenoklar. Özem şeýle bir ýüregi ýukady. Keselhanada ýatyrka-da lukmanlara:

— Maňa etjek dermanlaryňyzy olara edäýiň — diýip, agyrrak gelen syrkawlary alada ederdi. Ýönekeý geýinse-de, arassa geýnerdi. Sadady. Aýlawsyz, gönüdi. Ýeteniňem, ýetmeziňem bolşy ýaly aýdardy. Ejem bize hemişe:

— Gije bolsun, gündiz bolsun, aýal maşgalasyňyz. Ykjam ýatyň — diýip tabşyrardy. Sowugrak güni, bir gije ýer yrandy. Ukudan oýanyp, äpişgeden seretsek, goňşularyň ählisi daşarda. Çagalaryň eşiklerini gözleýän welin:

— Ýatyberseňizläň. Eşikleriňizi tapýançaňyz, ýer yranyp goýar-a — diýýär. Onsoň «Hudaý bardyr-da» diýip, daşam çykmadyk. Ertesi işe barsa, telestudiýanyň agzynda kakam duran:

— Nätdiňiz? Öýüňiz abatlykmy? — diýip sorasa:

— Hawa. Biziňkiler-ä eşiklerini geýip ýetişmänsoňlar, daş çykmadygam — diýýärmiş.

Känbir bile tirkeşip, eýlä-beýlä çykmazdyk. Bir gezeg-ä bazara gitdik. Bir gezegem öňki «Bahar» kinoteatryna gitdik. Onuň bilen ýola çyksaň, olam saklaýar, bulam gelip saklaýar. Her kim gowy görerdi. Şol garaşyp durmalysyň. Sahnada oýnaýan keşplerinde öýlenmänsoň: «Öýlenen bolsaňam, aýalyňy bazara getireňok» diýip degişýän ekenler. Olam: «Gökde goýsam ys bolar, ýerde goýsam pos bolar». Gün garaltmasyn diýýän — diýerdi. Hamana ak aýaly bar ýaly — diýip Ogulgerek gelneje hem gülüp, hem aglap gürrüň beripdi.

Ondan bäri kän wagt geçdi. Ogulgerek gelnejäniň dünýeden gaýdanyna-da ýedi ýyl bolupdyr. Tagan Saryýewiň ady dakylan agtygynyň gyzyna onyň ady dakylypdyr. Gyzjagaz 3-4 ýaşynda bar. Söhbetdeşlige baran günüm Tagan aganyň ýekeje aýal dogany Gytja daýza-da myhmançylyga gelen eken. Ilki bilen Tagan aganyň gyzy Gülnar maşgala arhiwindäki suratlary çykaryp gürrüňe başlady. Ol: — Kakam ýogalanda 7-nji synpda okaýardym. Ol maňa hemişe: «Dik ýöre!» diýip bellik ederdi. Mekdepde ata-eneler ýygnagy bolanda Gurban dädem (Poşalak aga) bilen barardylar. Ähli okuwçylar, mugallymlar daşyndadyr, nämä gülýänlerini bilemok, üýşüp gülüşýändikleri ýadymda. Kakama «Annam brigat» diýselerem halamokdym. Bir gezek bokurdagymy operasiýa etdirip keselhanada ýatyrdym. Gurban dädem, Juma dädem (Ýazmyradow) dagy bilen kakam tor setkada gatyk, süýt getirip yzymdan barýardylar. Kakamyň Tejende dogan ýaly gatnaşan Agageldi Arslanow diýen tanşy bardy. Ýogalmazynyň öň ýanlarynda kakama düýäň süýdünimi, eşegiň süýdünimi içirmek üçin maşgalamyz bolup Agageldi agalaryň öýünde on günläp myhman bolduk. Şonda ol ýerde bizi surata düşüripdiler. Ynha, şol surat maşgalamyz üçin ýadygärlik bolup galdy. Kakam ýogalandan soň Gurban dädem, Juma dädem hemem Agageldi agalar ýakyn hossarymyz ýaly halymyzdan habar alýardylar. Orta mekdebi tamamlanymdam soň Gurban dädem meni öz ýanynda teleýaýlyma işe ýerleşdirdi. On bäş ýyl teleýaýlymda işledim. Bir gezek kärdeşlerimiziň biri doglan gün edipdi. Bagşy-sazandalaryň köpüsi doglan güne barypdy. Joram bilen doglan günde otyrdyk welin, aňyrdan Juma dädem bilen Gurban dädem gelýär. Juma dädem maňa gözi düşenden: — Sizem geldiňizmi, iýip-içen bolsaňyz, gaty gijä galman garaňky düşmänkä baryň indi öýüňize gaýdaýyň — diýdi. Çekinip göni öýümize gaýtdyk. Gyz maşgala bolamsoň, öýe gelemsoňam Juma dädem ynjalman, habar tutup gitdi. Häzir olaram aramyzda ýok. Ýogsa, her ýyl kakamyň ýogalan güni ir bilen Gurban dädem bilen Juma dädem öýümize gelip duz dadyp, ilki öýümizde aýat okap, soňam gonamçylyga zyýarata giderdiler — diýip gürrüň berdi. Gürrüňdeşligimizi Gytja daýza bilen dowam etdik. Ol: — Biz üç dogandyk. Häzir ýeke özüm galdym. 64 ýaşymda. Tagan ilki opera-baletda türgenleşýärdi, ýöne kakam: «Bir bendäň gyzyny eliňden gaçyryp heläk edäýme» diýip işden çykardy. Barybir ol sungatyň artistlik ugrundan işledi. Paýtagtymyzdaky 8-nji orta mekdepde okadym. Birinji synpa okuwa baranymda mekdepden gaçyp gelýärdim. Bir gün ejem oňa: — Oglum, jigiň mekdepden gaçýar welin, özüň äkidip düşündir — diýip tabşyrdy. Şonda elimden tutup: «Ýör, jigim, ikijigimiz mekdebe bileje gideli. Mekdepden gaçyp gaýtmaly däldir, bolýamy?» diýip, saçymdan sypap, partada oturdyp gaýdany ýadymda. Häzir Taganyň ady dakylan agtygynyň doglan günem 26-njy iýunda Taganyň doglan güni bilen bir günde — diýip gürrüň berdi.

Bir mahal Türkmenistanyň halk artisti Gurbannazar Atakgaýewem (Poşalak aga)Tagan aga barada kän zatlar gürrüň beripdi. Şol ýazgylary şahsy arhiwimde häzirem saklaýan. Ol:

— Tagan bilen telestudiýada tanyşdyk. Režissýor oňa: «Wah, seniň klasyň ýok» diýerdi. Olam gaýta: «Bar how, on ýyllyk bilimim» diýerdi. «Keçpelek» çeper filmiň režissýory Öwülýäguly Kulyýew, meşhur kino artisti Baba Annanow Tagan Saryýewiň halypalary. Şular şunda üýtgeşik bir zehin gördüler. Tagan Saryýew elmydama gözlegde bolan adam. Özem bir keşp ynanyldymy, gijäň ýary bolsun, daň atyp barýan bolsun, tapawudy ýokdur: «Halypa! Şu keşbiň şu ýerini şuň ýaly etsek, nähili boljak» diýip, öýe geläýerdi. Menem: «Nähilow sen! Ýeldirgediňmi? Gije sagat 3-de gelmän, ertir işe baramda aýtsaňam bor-a» diýsem, «Ertire çydamok» diýerdi.Tagan Sary bilen keşp janlandyrsaň, ýük duýaňok. Ol bir tebigy zehin. Domalanam ýeri ýaryp çykýar-a. Bulam bir şol zeýilli döräýen adam. Onuň bilen «Ata we ogul» filminde-de bile oýnadyk. Maňa Keçjal aganyň keşbi, başga bir artiste-de Akdurdy mollanyň keşbi ynanyldy. Ol artistem:

— Ýok, maňa Keçjal aganyň keşbini beriň — diýýär. Men-ä «Beräýiňem» diýdim. Režissýoram göwnänok. Ahyry ylalaşman:

— Maňa bu keşbem gerek däl — diýip gitdi. Şo wagtam bir ýerden Tagan Sary geläýdi. Menem:

— Bolmasa, şo keşbi beriň şuňa! Ukrainleň satirigi Stepsel Tarapunka ýaly bolup, alşyp gideris — diýdim. Diýşim ýalam boldy. Keşp şowly çykdy. Tagan Saryýewi hem dostum, hem doganym hökmünde hatyralaýan. Otuz sekiz ýaşynyň içinde özboluşly aýratynlygy bilen sungatda milli ýoluny goýup gitdi. Ol kim bilen gürleşsin, gadyry gözünden akyp barýardy. Kakasynyň doganlary bardy. Gara, Mele, Sary diýip, reňkleriň ady sanalan ýaly. Öýlerine barardyk. Garaň aýalyna:

— Gelnejemiň bişiren naharyndan bir çemçe datmaly welin, datmalydyr. Duzuny taşlap gitsek, işimiz oňmaz — diýerdi. Nädersiň «hykylap» oturan gelnejesi bir aýagynyň üstünde pyrlanyp durandyr.

Tagan ejesini şeýle gowy görerdi. Bir ýere gitsek, ejesiniň sargydyny bitirmän gaýtmazdy. Gyşyň günüdi. Tejene gitdik. Ejesi daş kädi sargapdyr. Bazary gözläp tapmadyk. Ahyry, biriniň öýünden tapyp geldi.

Ol keşp oýnanda halky ynandyryp bilýärdi. Sahnada goýlan oýunlaryň birinde öýlenip bilmän kösenip ýören adamyň keşbini janlandyrdy.

— Wah, heýem bir aýal urlarmy? Özüm dagy maşgala tapyp, öýlenip bilsem, mesge ýagy ýaly saklajag-a — diýip, hakyky ýaly zeýrenýär welin, muňa durmuşda-da öýlenmedikdir öýdüpdirler. Uzakdaky etraplaryň birinde ýaşaýan bir gyz «Eger öýlenip bilmän ýören bolsaň, men baraýyn alsaň. Ýaşym pylança» diýip, öý salgysy bilen hat ýazaýypdyr.

— Poşalak aga! Şu hata näme jogap ýazaýyn? — diýip, ýanyma geläýdi.

Başga birem içip, aýalyny urýan eken. Şo sahnany görüp:

— Utanaňokmy?! Äriň urany bilen Annama aýdyp, ile gürrüň bolaýmalymy — diýip, aýalyna käýinýärmiş.

Tagan — uzyn boýly, özem hordy. Ol ýaramasa-da, hiç wagt lukmana görünmegi halamazdy. Kärdeşimiz Syraç Akmämmedow Tagany gowy görerdi. Ol:

— Sen, ýaraňok. Ýör, men seni lukman Çary Baýryýewe görkezmäge äkitjek — diýip, keselhana äkidýär. Şol ýerde şöhle bilen anyklaýyş-barlagyndan geçmek üçin, Tagan egin-eşigini aýyrsa Syraç Akmämmet oňa:

— Annam jan! Sen-ä barlagdan geçirmek geregem däl. Äpişgäniň öňünde Güne tutaýmaly eken — diýip degýärmiş. Neresse şunam gürrüň berýärdi. Ol käýarym dutaram çalýardy. Annam jan! Şu altynjy gün boş dälmiň, toý bar welin — diýerdim. Onuň Maryda dosty bardy. Toýa bardyk. Öý eýesi iki günläp goýbermedi. «Üşemäň» diýip, agşam ak öýde ýatyrdylar. Daňdanlar gulagyma sazyň owazy gelýär. Gözümi açsam, ýorgana kellesini büräp Tagan otyr. Ata Täçmämmedem saz çalýar. «Ýataňyzokmy?» diýsem, «Ýene bir saz» diňläýeli diýýär. Şeýle saz çalşyna heniz duşmadym. Ýa-ha ümsümlikde diňlänimden, bilmedim. Şeýle bir şirin çalýar. Hoşuňa gelsin. Ýogsa Atanyň sazlaryny öňem köp diňledim-ä.

Bir gije daşarda sekiniň üstünde ýatyryn. Daňdan başujumda bir zat «Hys» edýär. Gözümi açsam, Tagan:

— Şu keşbiň şu ýerini şunuň ýaly etsem, nähili boljak? — diýip, abanyp dur.

— Gaty gowy boljak. Şu wagt oýnajakmy? — diýdim. Ol:

— Aý, ýokla. Žurnala çykypdyrys-a — diýdi.

Elimi-ýüzümi ýuwup okap görsem, /Poşalak bilen Annam brigada/ Tagan ikimiziň suratymyz çekilen dostluk degişmesi. Göwne alar ýaly zat ýok. Neresse ynjaldy.

Ol keşp göwnüne laýyk bolmasa, kürtdürip durardy. Öňe gidip bilenokdy. Özem ýarawsyzdy. Ýogalmazynyň öň ýanlary ony il içinde «demir ýol keselhanasy» diýlip atlandyrylýan kliniki gospitalyň ikinji gatyna ýerleşdirdim. Ertesi irden soramaga barsam:

— Meni aýry otagda ýerleşdiräýseň. Ümsümräk ýer bolsa — diýip haýyş etdi. Keselhananyň şol wagtky ýolbaşçysy Nekrasowa ýüz tutdym. Gowy adam eken. Ol:

— Işiň-ä bitdi hasap et. Ýöne, sendenem bir haýyşym bar. Keselhananyň töweregindäki ekilen baglar suwsuz kösenýär. Suw ýagdaýyny çözüşmäge kömek edäýseň! — diýdi. O baglaram öz eken baglarym. Daýym şol keselhanada bagban bolup işleýärkä, menem  äkidip bag ekdirýärdi. «Bolýa» diýip, keselhananyň gaýrasyndaky gül ösdürip ýetişdirýän edara haýyş etdim. Her gün üç maşyn suw. Baglary suwlap, guramaz ýaly janlandyrdy.

Tagan 1980-nji ýylyň Maý aýynyň 9-yna ýogaldy. Bir zat ýadymdan çykanok. Şol gün ýere azajyk gyraw düşüpdi. Ejesi pahyr gyrawyň üstünden ýöräp gelip:

— Senem — bir oglum. Taganyňam dogany. Bir gün myhman al-da, kakasynyň ýanynda — Gökdepede ýerle. Göwnüňe laýygy bolsa ediber! — diýip, ynam bildirdi — diýip dymdy. Şol wagt Gurban aganyň aýaly Bahar gelneje gülüp gürrüňe goşuldy:

— Tagan öýümize gelen wagty, çaý-çörek hödür ederdim.

— Gerek däl, gerek däl. Zat azaryna galmaň — diýip, gaty utanjaň. Salyhatly. Bu aýdanlarym sahnada görenler üçin belki, geňdir. Öýümizde Gurban bilen sahna oýnuna bile taýýarlyk görerdiler. Boluşlaryny görüp gülmän durup bolanok. «Annam brigadyň şahyr bolşy» diýlen sahna taýýarlanýarlar. Tagan goşgy okaýar. Gurbanam oňa: «Bu goşguň bolanok» diýýär. Olam: —Näme bolman? Nämesi bar şu goşguň? Gowşagrak goşgulary aýdym edip aýtsaňam gül ýaly bolýar. Ynha, diňläp gör:

«Galanyň düýbünde bir gawun iýdim,

Etini iýdim-de, paçagny goýdum.

Eýesi gelende sag bolsun diýdim,

Elinde ýaglygy ýelpeselendi». Hökman galanyň düýbünde iýmelimi gawuny? Güjümiň düýbünde iýeňde bolanokmy? Gawunyň paçagyny iýilmeýändigini kim bilmeýär? — diýip, ellerini hereketlendirip, janygyp düşündirjek bolup,

agzyny köpürjikledip bir gepleýär. Dur gülmän durup bilseň — diýip gülki bilen ýatlapdy.

Tagan Saryýew hakynda Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowyň aýdan gürrüňleri-de ýadymdan çykanok. Ol:

— Tagan Saryýew hakda söhbetde halypamyz Magtymguly Myşşyýewi agzaman geçmek bolmaz. Şonuň eseri esasynda Annam brigat bolandyr. Taganyň tebigy görnüşi bar. Gülkünç. Onuň «Annam brigadyň öýlenişi» diýen sahnasyndan gürrüň bereýin. Kimde «Riga» tigir ýa-da «Pobeda» maşyn bolmasa, gyz berlenokdy. Şonuň üçin ene-atasy öňünden tabşyrýar: «Oglum! Gudalar synlamaga gelende, daşarda bagyň kölegesinde düşek atyp, saçak ýazarys. Maşyn-a sürüp bileňok. Ýöne ho pylanyň tigrini sürüp gelersiň. Tozatmanrak sürüp, deňrägimizde säginip, oglanlara-da iş-güýç tabşyryk berersiň» diýip öwredýärler. Şonda tigir sürüp gaýdanda, tormozyny barlamandyram. Saklap bilmän, göni oturanlaryň arasyndan sürüp geçip gitdi. Gudalar şo wagt turup gidýärler.

Bir günem onuň bilen sahnada oýnamaly bolduk. Ýazgysyny berdiler. Zordan ýat tutdum. Annam bilen Poşalagam ýat tutmandyrlar. Birdenem, sahna çykmaly bolduk. Annamyň elinde şlýapa. Öňüne tutup tans edýär. Poşalagam eglip-eglip akkordeon çalýar. Sözlerinem ýalňyşman aýdýarlar. Geň galýan. «Bular haçan ýat tutup ýetişdilerkä» diýip. Operator nirä öwrülse, şlýapasyny öňüne tutup, şoňa öwrülýärdi. Hiçimiz duýmadyk. Poşalaga tekstini akkordeona ýazan eken. Annamyň tekstem şlýapasynyň içinde eken.

Annam bilen tirkeşip barýarkaňam, seniň görmeýän zatlaryňy görüp bilýärdi. Özünden zat tapmaga-da ökdedi. Onuň bilen işleşmek ýeňildi. Oňa zehinem, okuwam ylahydan berlendi. Toý-tomga barardy. «Toýuňyz gutly bolsun! Tüweleme-tüweleme» diýip, ojagyň-gazanyň başyna barardy. Yzy doly çaga-çugadyr. Aşpezlerem:

— Annam jan! Ot-ojakdan sowarak duraweri. Çagalar päsgel berýär! — diýerdiler.Toýda bagşylaryň aýdymam diňlenerdi. Ýöne käbir ýaşulular, «Biz pylan obadan Annam brigady ýa-da Poşalagy diňlemäge geldik» diýip, bagşynyň saklanýan wagty az bolmazdy — diýipdi.

Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginde Tagan Saryýewiň doglan gününiň 65 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýatlama gününe baranym ýadyma düşýär.

 

Şonda Gurbannazar Atakgaýew:

—Annam jan aramyzdan gaty ir gitdi. Eger aramyzda ýaşap ýören bolanda aýny bir, men diýen wagty bolmaly. Ýöne şol gysga ömründe-de halkyň ýüreginde ebedilik galdy. Ony gaty köp ussat režissýorlar öz oýunlaryna çagyrmaga höweslidi. Ýöne men ony hiç kime bermedim. Köp oýunlarda bile oýnadyk. Şu ýerde ýene bir zady aýtmakçy. Şu gün Taganyň kakasy Gyzyl Batyryň hem 90 ýyllygy bile geldi. Ikisiniňem jaýy jennetden bolsun. Gyzyl aga bilenem gowy görüşýärdik. Bir gezek Annam meni Gyzyl aga bilen tanyşdyrjak bolýar. Men oňa:

— Annam jan, näme üçin senden başga ähliňiziň adyňyza Mele, Gara, Gyzyl… reňkleriň ady dakylan. Diňe saňa Tagan diýip dakypdyrlar — diýdim.

— Poşalak aga, ähli reňkem gazanda boýalýar. Gazanyň aşagyna Tagan gereg-ä — diýip, nagt jogap tapýar.

Ol agyr ýagdaýda keselhanada ýatyrdy. Häli-şindi yzyndan barýardym. Bir gezek baramda, äpişgäniň tekjesinde otyr.

— Näme Annam jan? — diýsem:

— Poşalak aga, hol otluk meýdanda oturasym gelýär. Ýöne ikinji gatdan düşüp biljek däl-dä — diýdi.

— Gel, men gujagymda göterip äkideýin — diýsem:

— Ýok, çaga ýaly bolýan — diýdi.

— Onda, mün arkama! — diýdim. Arkamda göterip ýöräp barýan welin gülýär.

— Nämä gülýäň? — diýsem:

— Bizi görenler «Annam-a, halypasynyň üstüne münýär-ow» diýýändirler — diýdi.

— Diýse-diýsinler — diýdim. Şonda sesi arzuwçyl çykdy.

— Poşalak aga, sag-aman gutulyp, dünýäni gezip çyksadym.

— Elbetde, o maksadyna ýetmedi. Ýöne il-gün, ony bütin dünýä aýlanyp çykan hasap edýär — diýip sözüni jemläpdi.

Şondaky ýatlama gününde ýaşuly žurnalist Hojaguly Suhangulyýewem çykyş edipdi.

Ol:

—Tagan Saryýew /Annam brigat/ hakda gürrüň gozgalsa, hökman onuň degişmeleri ýadyma düşýär.

Bir gezek Tagan gastrola gidende, Maryň gök bazaryna barýar. Bazarda şol ýeriň atly kolhoz başlygy sataşýar. Annam:

— Salawmaleýkim, Gurbandurdy aga! — diýýär.

— Waleýkim, Annam jan, sen asyl dirimidiň? — diýip, degişjek bolýar. Onda Annam:

— Ýok, men bireýýäm o dünýä gitdim. Ýöne ol ýerde syrat köprüsinden geçmeli boldum welin, öňümde gaty köp adam köprüden geçip bilmän duran eken, garaşmaly boldum. Onsoň olar: «Biziň özümizem bir oba boljak. Köprüden bärde ýaşabereliň-le» diýdiler. «Indi şol ýeri düzedip, göz-gulak bolar ýaly tanymal  kolhoz başlyk gerek boljak, sen git-de Gurbandurdy agany getir» — diýip, meni seniň ýanyňa iberdiler — diýýär. Onuň islendik ýerde jogaby nagt, zehini Hakdan berlen artistdi — diýipdi.Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew bolsa:

— Men Sahy aganyň ýanynda ençeme gezek sazandarlyk etdim. Bir gezek Ata Ably, Sahy aga dagymyz çykyş etjek bolýas. Şol çärä Tagan Sary /Annam brigat/ dagy hem bardy. Ol ýuwaşlyk bilen nahar başyna geçip oturdy welin, Sahy aga:

« Akmyrat, Tagana seret. Onuň şeýlekin oturyp-turşam hakyky artist» diýdi. Men häzir Taganyň hemişe gowy görüp diňlän sazyny çalyp bereýin — diýip «Hoş gal indi» diýen sazy çalypdy.

Akgül SAPAROWA.

Juma Ýazmyradow : baran ýeri alaýazdy

Orazgeldi Ylýasow: bilbil owazyň kyssasy

Orazgül Apbasowa: gülki göwün ganaty

Halmämmet Kakabaýew: kino sungatynyň ägirdi

 

Geldi Bäşiýew: Gözelligiň waspçysy

Baýram Jütdiýew: Watan waspy senasy

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri