DÜNÝÄ

Suratkeş Rafaela bagyşlanyp sergi açylýar

Italiýanyñ Rim şäherinde “Skuderiýa del Kwirinal” adyndaky sergi köşgünde dünýä belli italiýaly suratkeş Rafael Santiniň döredijiligine bagyşlanyp, uly sergi görkezilýär. Bu sergi suratkeşiñ aradan çykandygynyñ 500 ýyllygyna bagyşlanýar. Sergä gatnaşyjylar 204 sany eksponat bilen tanyş bolarlar, olardan 120 sanysy suratkeşiñ işleridir. Bulardan: suratlar, çyzgylar, ilkinji nusgalar, galam bilen çekilen suratlar şeýle hem dekoratiw matadan çekilen suratlar we suratly halylar sergini bezär. Sergide ýerleşdirilen birnäçe eksponatlar Italiýanyñ dürli muzeýlerinden ýagny, Uffisi we Watikan muzeýlerinden getirilip goýulan.

Related posts

«Golf» ýaryşy yza süýşürildi

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine goşular