DÜNÝÄ

“SuperSişenbe”: ABŞ-daky prezident saýlawlary barada…

Şu ýylyň 5-nji noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 60-njy gezek prezident saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlara häzirki prezident Jo Baýden we ozalky prezident Donald Trampyň gatnaşmagyna garaşylýar.

ABŞ-da saýlawlar ýylynda mart aýynyň birinji sişenbe gününde deslapky saýlawlar geçiriler. Bu saýlawlarda ýurduň 15 ştatynyň ses bermäge hukugy bolan saýlawçylary ses bermäge gatnaşýar. Bu deslapky saýlawlar 1984-nji ýyldan bäri geçirilýär. “Super Tuesday” ýa-da türkmen diline terjime edilen “Super Sişenbe” güni geçirilýän saýlawlarda ýeňiş gazanan dalaşgär öz partiýalaryndan dalaşgär bolmaga uly mümkinçilik alýarlar.

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň dalaşgäri 1215 delegatyň goldawyny almalydyr. Demokrat partiýanyň dalaşgäri üçin 1968 delegatyň goldawy zerurdyr. Demokrat partiýadan Prezident Jo Baýdeniň dalaşgär bolmagyna garaşylýar.

Respublikanlar partiýasynda bolsa, Donald Tramp bilen Nikki Haleý bäsleşýär. Respublikan partiýasy üçin Alabama, Alýaska, Arkakzas, Kaliforniýa, Kolorado, Mene, Massaçusets, Demirgazyk Karolina, Oklahoma, Tennessi, Tehas, Ýuta, Wermont we Wirjiniýa ştatlarynda geçirilýär.

Related posts

Russiýadaky Türkmenistanyň raýatlary üçin bildiriş

Türkmenistanyň Prezidenti Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri «Çäksiz sungat» atly ýapon sungat sergisinde görkezildi